Çärjewli çagalar bahar gözelliklerini wasp edýärler
Çärjew etrap Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň binýadynda ýaýbaňlandyrylan sergi «Bahar ― täzelenişiň pasyly» diýip atlandyryldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu sergide döredijilik öýümize agza bolup duran zehinli çagalaryň ellerinden çykan we bahar paslyna bagyşlanan işler görkezilýär.
Sergini guralanda, gurnak ýolbaşçylary tarapyndan çagalaryň taýýarlan iň gowy işlerini hödürlediler. Olaryň ählisinde bahar paslynyň gözellikleri wasp edilýär. Şu gezekki sergä çaga zehininden dörän iň täze eserler bilen bilelikde döwlet derejeli sergi-bäsleşiklere gatnaşyp, olarda öňdäki orunlary eýelän işler hem bar.
Ýeri gelende aýtsak, etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan çagalar döredijilik öýümiziň gurnaklaryna işjeňlik bilen gatnaýarlar. Bu gurnaklaryň aglabasynyň olaryň okaýan mekdebinde hereket etmegi bolsa çagalaryň gyzyklanmasyny artdyrýar.