YKDYSADYÝET

Çärjewiň pagta arassalaýjy kärhanasy 100 ýaşady

Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasy şu ýyl 100 ýaşy arka atdy. Muňa
garamazdan, bu ýerde döwrebap enjamlaryň kömegi bilen ýokary önümçilik dowam edýär.
Kärhananyň hünärmenleri geçen 2023-nji ýylda hem 39 müň 200 tonnadan gowrak pagtany gaýtadan işläp, 10 müň 600 tonna süýüm, 20 müň tonna golaý çigit,1 müň 42 tonna lint we 400 tonna golaý ulýuk almagy başardylar. Olar şu ýyl hem bu görkezijileri has-da artdyryp, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgady bilen garşylaýarlar.
Türkmenabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän, umumy meýdany 13,4 gektara barabar bolan bu kärhananyň düzüminde Jingauz bölümi bilen bir hatarda «Ak altyn», «Garagum», «Hojagala» ýaly pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 3-si hereket edýär.
Bu ýerde häzirki wagtda «Maz», «Gaz-53» kysymly ýük ulaglary, ýük göteriji we ýük ýükleýji tehnikalar, tirkeg çekýän traktorlaryň 20-si hereket edýär. 2022-nji ýylda bolsa kärhananyň tehniki binýady Özbegistan döwletinde öndürilen tirkegleriň 29-sy bilen baýlaşdyryldy. Bu bölümde sürüjileriň 40-dan gowragy zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: