Çärjewde ýylyň adyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň guramagynda «Parahatçylyk taglymaty — dünýä ýörelgesi» ady bilen maslahat geçirildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň öňe süren möhüm halkara başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etmegi, şanly ýylyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli täsirli söhbetler edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýer ýüzüniň ähli döwletleri we halklary bilen birek-birege ynanyşyp, parahat hem bagtyýar durmuşda dost-dogan bolup ýaşaşmak, parahatçylyk arkaly gülläp ösüşleri gazanmak maksadynyň bütin
dünýä ýaýylýandygy barada buýsanç bilen aýdyldy. Hemişelik Bitarap döwletiň halkara giňişligindäki abraýynyň barha belende galýandygyny beýan edýän, şeýle hem dünýä döwletleridir halkara guramalary bilen barha giňelýän we mazmun taýdan baýlaşýan gatnaşyklarymyza degişli buýsançly mysallar getirildi.