Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň öň ýanynda tylda zähmet çekip, Ýeňşiň gazanylmagyna saldamly goşant goşan Çärjew etrabynyň ýaşaýjylarynyň birnäçesine TKA-nyň etrap birleşmesiniň adyndan gymmatly bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olaryň arasynda Balta Myradow geňeşliginden Taşgül Hajyýewa, Nobat Gutlyýew geňeşliginden Ziýada Pahryýewa,
Öwezdurdy Çagilow, Ereşgül Öräýewa, Bitik geňeşliginden Jumahal Kasymowa we beýlekiler bar.
Şanly baýram mynasybetli geçirilýän çärelerde ata Watan, ene toprak üçin şirin janyny aýamadyk gerçekleriň, tylda gaýrat bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň atlaryna hoşallyk sözleri aýdyldy, olaryň görkezen gahrymançylygynyň häzirki we geljekki nesiller üçin görelde mekdebidigi nygtaldy.
Çärjewde weteranlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

10
May