Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Begaryk obasynda 400 orunlyk täze mekdep dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, bilim we medeniýet işgärleri, şeýle-de ata-eneler bilen okuwçylar gatnaşdylar.
Çykyş edenler täze bilim ojagynyň açylmagyny ýaş nesle döredilen giň mümkinçilikleriň miwesi hökmünde nygtap, döwlet ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdiler.
Täze açylan bilim ojagy döwrebap talaplara laýyk enjamlaşdyrylypdyr. Iki gatly ymarat «Ussa Tirkiş» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilip, onuň synp otaglary, tejribe otaglary we sport meýdançasy doly taýýar görnüşde ulanylmaga tabşyryldy. Mekdep dünýäniň ösen ýurtlarynda ulanylýan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, okuwçylara döwrebap bilim almak üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Çärjewde täze mekdep açyldy
02
Sep
