BILIM

Çärjewde täze mekdebiň gurluşygy dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Kararyna
laýyklykda, Çärjew Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasyndaky 400 orunlyk
mekdebiň gurluşygyny «Ussa Tirkeş» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp
barýarlar.
Etrapda bar bolan 64 mekdebiň 7-siniň, 29 sany çagalar bagynyň bolsa 12-siniň
soňky 15 ýylyň dowamynda gurlup, ulanylmaga berlendigini aýtmak gerek. Bu
bilim we terbiýeçilik edaralarynyň agramly bölegi bolsa etrabyň çetki obalarynda ýerleşýär. Nesip bolsa, öňümizdäki okuw ýylyna etrapdaky sekizinji täze mekdebiň açylyş dabarasy bilen girişiler.