Çärjewde pagtaçylar bilen duşuşyk geçirildi
Çärjew etrap häkimligi we Türkmenistanyň Agrar patiýasynyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan etrabyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň arasynda günortan arakesmesinde aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.
Onuň dowamynda pagtany ýangyn howpundan goramagyň düzgünleri bilen bagly mowzuklaýyn çykyş hem guraldy. Şeýle hem ýygymda tapawutlanýan mehanizatorlaryň birnäçesine Türkmenistanyň Agrar patiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň ýörite taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Duşuşyk Çärjew etrap medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna hem beslendi.