YKDYSADYÝET

Çärjewde öndürilýän pomidorlar üç döwlete eksport edilýär

«Bäş nur» hojalyk jemgyýeti özüne degişli ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidorlary üç döwlete eksport edýär. Çärjew etrabynyň çägindäki ýyladyşhanada ýetirişdilen hasyla Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan uly isleg bar.

2012-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasy 3 gektar meýdana ýetýär. Ýyladyşhana doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyyrlyp, ondan her ýylda 900 ― 1000 tonna golaý pomidor hasyly alynýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: