Çärjewde öndürilen mebeller Täjigistandaky sergide görkezildi
Çärjewli hususyýetçi Kuwandyk Işkulow maý aýynyň ilkinji günlerinde öz önümleri bolan agaçdan ýasalan geýdirme parketleri bilen goňşy Täjigistan döwletinde guralan sergä gatnaşdy.
Onuň bu sergä gatnaşmagynyň ilkinji maksady hem önümlerini daşarky bazara çykarmakdan ybaratdyr.
Ol Çärjew etrabynyň çägindäki agajy gaýtadan işleýän hususy önümçiliginde 2021-nji ýyldan bäri sargytlar esasynda dürli görnüşli mebelleri öndürmekde netijeli işläp gelýär. Bu hususy mebel önümçiliginde taýýarlanylýan oturgyçlar, dükanlar üçin tekjeler, öý we aşhana mebelleri, gapylar, geýdirme parketleri hil we bezeg aýratynlyklary bilen müşderileriň ünsüni özüne çekip, içerki bazarlarda geçginli önümleriň hatarynda meşhurdyr.