BILIM

Çärjewde okuw ýylyny üstünlikli jemlemäge taýýarlyk görülýär

Çärjew etrabynda ýene bir okuw ýylyny üstünlikli jemläp, «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmek babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Ýakynda etrap bilim bölüminde geçirilen maslahat hem şu meselelere bagyşlandy.
Maslahatda bellenilişi ýaly, 2024 ― 2025-nji okuw ýyly etrabyň bilim ulgamy üçin düşümli ýyllaryň birine öwrüldi. Etrabyň bilim işgärleri we mekdep okuwçylary ýylyň bütin dowamynda köpçülik işlerinde, bilimde, ylymda, sportda uly üstünlikleri gazanyp, beýleki etraplarda zähmet çekýän
kärdeşlerimize we okuwçylara görelde boldular.
Bellenilişi ýaly, orta mekdepleriň ählisinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilip, olar aýdym-sazlara beslener. Öňdebaryjy bilim işgärlerini we mekdep okuwçylaryny sylaglamak çäreleri hem geçiriler. 4-nji we 10-njy synplarda geçiriljek synpdan synpa geçiş we 12-nji synp okuwçylary üçin gutardyş synaglary üçin hem häzirden ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bilim işgärleri bu çäreleriň
ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.