BILIM

Çärjewde mugallymlaryň maslahaty geçirildi

Türkmenistanda ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde mugallymlaryň kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň çäklerinde mekdeplerde ylmy-amaly we okuw-usulyýet maslahatlary yzygiderli geçirilýär.
Şeýle maslahatlaryň biri golaýda Çärjew etrabyndaky 1-nji orta mekdepde 3 günläp dowam etdi. Oňa etrap bilim bölüminiň hünärmenleri we orta mekdeplerde iňlis dilinden sapak berýän mugallymlar gatnaşdylar.
Maslahat «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara kämil bilim bermegiň döwrebap usullary» atly mowzukda geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde okuw mekdepleriniň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň işine täzeçe
çemeleşmäge giň ýol açýar.