BILIM

Çärjewde mekdep okuwçylarynyň arasynda bahar paslyny wasp etmek boýunça bäsleşik yglan edildi

Çärjew etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýümiziň gurnaklaryna agza bolup durýan mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşigi «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» diýip atlandyryldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bäsleşik barha golaýlaşyp gelýän bahar paslyna bagyşlandy.
Üstümizdäki aýyň ilkinji günlerinde yglan edilen bäsleşigiň maksady has ezber mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Onuň düzgünnamasyna görä, gatnaşyjylar öz
agza bolup duran gurnagyndan daşary haýsy hem bolsa gurnaklaryň üçüsi boýunça öwredilýän ugurlarda bahar paslyny wasp etmeli. Şunda gatnaşyjylaryň döredijilik we hünär ukybyna aýratyn baha berler.
Bäsleşigi baharyň ilkinji günlerinde jemlemek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: