Çärjewde maşgala gymmatlyklaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Çärjew etrap häkimliginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerli wekilleriniň we ýaş maşgalalaryň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşykda Maşgala kodeksi we ondan gelip çykýan wezipeler dogrusynda söhbet açyldy. Oňa Çärjew etrap kazyýetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, bagtly we sagdyn maşgalany gurmak üçin ýurdumyzda döwlet Baştutany tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan maddy goldawlar berilýär, olar durmuş ýeňillikleriniň uly toplumyndan peýdalanýarlar. Bu zatlaryň ählisi ýaş maşgalalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Çykyş edenler pederlerimizden gelýän maşgala gymmatlyklary dogrusynda aýratyn nygtadylar.