Çärjew etrabyndaky 23-nji çagalar bakja-bagynda etrap bilim bölüminiň
gurmagynda etrabyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň
arasynda “Bitarap Watanyň körpe nesli biz” atly bäsleşik geçirildi. Oňa etrabyň çagalar bakja-baglarynyň mekdebe çenli taýýarlaýyş toparynyň zehinli körpeleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady çagalarda suratlaryň üsti bilen Watanymyza, gözel tebigatymyza, maşgala berkligine bolan söýgini artdyrmakdan ybarat bolup, onda başarjaň körpeler öz döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Bäsleşigiň şertine görä, körpeler ilki bilen özlerini goşgudyr aýdymlaryň üsti bilen tanyşdyrdylar. Soňra olar özleriniň ýürek buýsançlaryny ak kagyza nagyşladylar. Çekilen suratlarda, esasan hem, ýurdumyzdaky gözel ymaratlar, toýdur baýramlarymyzyň ajaýyp pursatlary, şeýle hem gözel tebigatymyzyň waspy ýerine ýetirildi.
Bäsleşikde biziň çagalar bakja-bagymyzdan Merjen Goşaýewa birinji orna
mynasyp boldy. Ol suratynda merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel
ymaratlaryny şekillendiripdir. Bäsleşigiň ikinji ornuna etrabyň 11-nji çagalar bakja-bagynyň körpesi Aýna Atamyradowa bilen 23-nji çagalar bakja-bagyndan Serdar Çaryýew mynasyp boldy. Öňdebaryjylaryň üçlügini 1-nji çagalar bakja-bagynyň körpesi Jemal Emirkulyýewa bilen 12-nji çagalar bakja-bagyndan gatnaşan Mukam Mämmetkulyýew jemledi. Bäsleşigiň ýeňijilerine etrap bilim bölüm tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çärjewde körpeleriň surat bäsleşigi geçirildi

20
Dec