BILIM

Çärjewde kitap söhbetdeşligi geçirildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdepde
Gahryman Arkadagyň we hormatly Prezidentiň çuňňur paýhasa ýugrulan ylmy-
publisistik kitaplary esasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagyň «Mertler Watany beýgeldýär» we hormatly Prezidentiň
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de beýleki eserlerinden alnan ganatly sözler
arkaly ýaşlar mähriban Watanymyzda parahatçylykly zähmeti, asudalygy we
erkinligi wasp etdiler. Merdana hem-de edermen ogullaryň Watany
beýgeldýändiklerine ýaşlaryň ünsi çekildi.
Türkmenistanyň dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler
Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri, şeýle-de sebit guramalary bilen
ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi baradaky söhbetler ýaşlarda uly täsir
galdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: