Önümçilik işini Çärjew etrabynyň Balta Myradow adyndaky geňeşliginde alyp barýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Hepdelik» haryt nyşanly kärhanada ýakynda mesge ýagynyň önümçiligi hem ýola goýuldy. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
«Altyn asyr» ady bilen öndürilip başlanylan bu önümiň ýaglylygy 72,5 göterime barabardyr. Mesge ýagy 200 hem-de 500 gram möçberlerinde gaplanylyp, satuwa çykarylýar. Eýýäm täze önüme isleg bildirýänleriň sany barha artýar.
Çärjewde «Hepdelik» haryt nyşanly mesge ýagy öndürilip başlandy

21
Feb