Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan Çärjew etrap häkimliginde etrap häkimligi bilen bilelikde N-nji harby bölüminiň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Ylymlaryň şamçyragy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda, ilki bilen şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýtdylar hem-de döwlet Baştutanynyň eserleriniň höwrüniň köp, döwet galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Çärjewde harby gullukçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi

18
Jan