YKDYSADYÝET

Çärjewde gowaça ekişi tamamlanyp barýar

Çärjew etrabynda gowaça ekiş möwsümi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Etrapda gowaça ekmek üçin taýýarlanylan 28 müň 700 gektar meýdanyň 24 müň gektaryndan gowragynda ekiş üstünlikli geçirilip, endigan gögeriş alyndy. Bu bolsa işleriň 83 göterimden gowragynyň amal edilendigini görkezýär.
Etrap boýunça her gün 680 gektara golaý ýerde ekiş geçirilýär. Bu işde döwrebap ekijileriň 77-sinden peýdalanylýar. Etrabymyzdaky daýhan birleşikleriniň 19-synda we Narazym, Ýylgynagyz ýaýlalaryndaky atyzlarda ekiş möwsüminiň guramaçylykly alnyp barylýandygyny nygtamak gerek. «Parahat», «Amyderýa», «Jeýhun» ýaly öňdebaryjy daýhan birleşiklerinde ekiş doly tamamlanyp, şu günler
kärendeçiler özlerine berkidilen ýerlerde ideg işlerini alyp barýarlar. «Watan», S.A.Nyýazow adyndaky, H.Hajyýew adyndaky, «Gumkent» daýhan birleşiklerinde bolsa ekiş bu gün-ertir tamamlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: