Çärjewde edebi söhbetdeşlik geçirildi
Çärjew etrabyndaky 46-njy orta mepdepde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli
«Dünýä uzaýar dostana ýollar» atly edebi söhbetdeşlik geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhyna ser salsaň, türkmenler bilen dünýä halklarynyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň möhüm şaýatlary bolan gyzykly wakalara duş gelinýändigine üns çekdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda goňşy Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan, Owganystan, Hindistan, Pakistan we Ýewropa ýurtlary bilen hem dost-doganlyga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň gerimi ýylsaýyn giňelýändigi aýdyldy.
Türkmenistanyň dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler
Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri, şeýle-de sebit guramalary bilen
ýakyndan işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi barada hem baý maglumatlar getirildi.