BILIM

Çärjewde ders bäsleşikleriniň welaýat tapgyryna taýýarlyk görülýär

Çärjew etrabyndaky bilim ojaklarynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyryna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bäsleşigiň etrap tapgyrynda ýeňiji bolan zehinli okuwçylar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda taýýarlanýarlar.
Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda çärjewli okuwçylaryň her ýyl hem öňdäki orunlary eýeleýändiklerini aýratyn nygtamak isleýäris. Hususan-da, okuwçylar türkmen dili we edebiýat, fizika, taryh, geografiýa ýaly dersler boýunça geçen ýyllarda bäsleşigiň döwlet tapgyrlaryna gatnaşdylar. Häzirki günlerde zehinli okuwçylary taýýarlaýan mugallymlaryň aglabasynyň ozal bu bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar we olaryň halypalarydygyny hem bellemek isleýäris. Nesip bolsa, fewral aýynyň üçünji ongünlüginde geçiriljek bäsleşikde okuwçylarymyzdan ýene-de öňdäki orunlara garaşýarys.
Şeýle hem şu günler etrabyň bilim ojaklarynda ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan türkmen, nemes, iňlis, fransuz we rus dilleri boýunça bäsleşikleri hasaba aldyrmak işleri-de dowam edýär. Etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdeplerinde agzalan dünýä dilleri we ene dilimiz boýunça kämil derejede sapak berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: