Çärjewde çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň konserti geçirildi
Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebinde «Halypalar — şägirtlere görelde» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çagalar sungat mekdebinde halypa mugallymlaryň uly topary zähmet çekýär. Olar ýaşlara türkmen halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan, fortepiano, kirişli saz gurallary boýunça bilim berýärler. Halypalar zehinli sungat ussatlaryny ýetişdirmek üçin okatmagyň kämil usullaryndan peýdalanýarlar, aýdym aýtmak, saz çalmak boýunça dürli ýaryşlary guraýarlar. Şu geçirilen çärede bolsa halypalar şägirtlerine öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Ussat mugallymlar Jennet Röwşenowanyň, Ýulduz Myradowanyň, Aziz Baltaýewiň, Gözel Jumanyýazowanyň, Mähri Awazowanyň, Rejepgül Rozyýewanyň, Merjen Açylowanyň, Myrataly Narseýidowyň milli we dünýä hazynasyna giren eserler boýunça ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýakymly täsirleri paýlady. Dep hünäriniň mugallymy Rasul Jumabaýewiň ýerine ýetiren «Gündogar kakuwlary» saz eseri, dutar hünäriniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Balsaýat» türkmen halk sazy halypalaryň ussatlyklarynyň üstüni ýetirdi. Çärä gatnaşan ene-atalar perzentleriniň sungat äleminde mynasyp halypalaryna gowşandyklaryna, saýlap alan hünärleri boýunça zehinlerini taplamak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirdiler.