Çärjew etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşiniň wekilleri bilen bilelikde etrabyň çägindäki orta mekdeplerde bolup, bilim işgärleridir okuwçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Bu duşuşyklaryň maksady ýaşlaryň zähmetsöýerligini artdyryp, hünär saýlamaga ugrukdyrmakdyr.
Duşuşyklarda gurnak ýolbaşçylary döredijilik öýünde hereket edýän hünär ugurlary, agzalarymyzyň bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri, olaryň hünärleri özleşdirişi barada gyzykly gürrüňleri berýärler. Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň wekilleri bolsa ýurdumyzda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, bu babatda gurama tarapyndan alnyp barylýan işler babatda düşündiriş işlerini geçirýärler.
Duşuşyklar bilen birlikde bilim ojaklarynda döredijilik öýüniň zehinli agzalary tarapyndan taýýarlanylan el işleriniň göçme sergisi hem guralýar. Bu sergä tomaşa eden okuwçylarda öz gyzyklanýan ugurlary boýunça gurnaklaryň agzasy bolmaga höwes artýar. Duşuşyklara gatnaşyjy wekiller tarapyndan olara gerekli goldaw berilýär.
Çärjewde çagalar hünär öwrenmäge höweslendirilýär

08
Mar