Çärjewde BMG-niň ýörite maksatnamasyna laýyklykda bag ekişlik çäresi geçirildi
BMG-niň düzümindäki Azyk we oba hojalyk guramasynyň maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda oňyn özgertmeleri höweslendirmek we suw gorlarynyň howa ýagdaýlaryna görä mümkinçiliklerini artdyrmak» atly taslamasy esasynda Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki Jeýhun tokaý hojalygynda möhüm ähmiýetli çäre geçirildi.
Ol Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat dolandyrmasy, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty, welaýat tebigaty goramak jemgyýeti, Çärjew etrap häkimliginiň tokaý hojalyk kärhanasynyň Jeýhun tokaý hojalygy, Repetek döwlet biosfera goraghanasy, şeýle-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik birleşmesi tarapyndan bilelikde amala aşyryldy.
Şonuň netijesinde Jeýhun tokaý hojalygynyň çägindäki 4 gektar meýdana gara sazagyň tohumy ekildi we onuň daş-töweregine 1,4 müň düýp igde nahallary oturdyldy. Şeýle hem gara sazagyň nahalhanasyny döretmek maksady bilen, 2 gektar ýere ýörite gutujyklarda sazak nahallary oturdyldy. Bu bolsa geljekde ýurdumyzyň Gündogar sebitinde ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda ähmiýetli bolan gara sazagyň tokaýlygynyň döremegine getirer.