Çärjewde bilim beriş işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi
Çarjew etrabynda «Çagalaryň sapaga ünsüni jemlemekde, kabul ediş ukyplaryny ýokarlandyrmakda işjeň usullardan we innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti» diýen mowzuk boýunça geçirilen usuly-amaly maslahatda hem bu ugurda öňde durýan wezipeler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Etrabyň 29-njy çagalar bagynda geçirilen bu maslahata çagalar baglarynyň müdirleri, terbiýeçiler we usulyýetçiler gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda terbiýeçiler çagalar bilen täsirli sapaklary gurap, ukyp-başarnyklaryny we iş tejribelerini paýlaşdylar. Özara pikir alyşmalarda körpeleri başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda, olaryň irki ösüşine gözegçilik etmekde öňde durýan wezipeleriň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Şunda çagalaryň düşünjelerini ösdürmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, işleri kämilleşdirmegiň ýollary dogrusynda pikir alşyldy. Şeýle-de öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribeleri we çagalar baglarynyň körpeleriniň başarnyklary bilen tanyşdyrýan sergi hem ýaýbaňlandyryldy.