Türkmenistanda doganlyk halklaryň wekilleriniň köpsanlysy bagtyýarlykda ýaşaýar. Hemişelik Bitaraplygyň 29 ýyllyk toýuny Çärjew etrabynyň Jendi geňeşliginiň Başsaka obasynda ýaşaýan agzybir maşgala hem uludan belleýär. Bu öý gazak doganlarymyz Joldas Hydyrbaýewleriň maşgalasyna degişli. Bagtyýar öý eýeleriniň ýedi perzendi ýedi ýerden gala bolup, ata-enesiniň eline iş ýetirenoklar.
Maşgalanyň esasy işleriniň biri düýedarçylyk. Düýedarçylyk bilen meşgullanmak üçin Gyzylgumuň giňişliklerinde mümkinçilik näçe diýseň bar. Ylmy maglumatlara görä, ýurtdaky öri meýdanlary 35 million gektardan hem geçýär. Şunça giňişlikde «çöl gämisi» otlap, ýaýnap, ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly önümlerini berýär.
Aýdylyşyna görä, bir iner düýe 18 aýlap dagy süýt berýän eken. Şeýlelikde ondan şunça döwrüň dowamynda ýaglylygy 3,8 göterime çenli bolan süýdüň 2,5 müň litrini alyp bolýar.
Etrapdaky 43-nji orta mekdepde işleýän öý bikesi Kerbez gelneje bolsa kärdeşleri bilen agzybirlikde işleýär.
Çärjewde baýramçylyk saçaklary ýazyldy

12
Dec