Çärjew etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak
agzalarynyň arasynda hemişelik Bitaraplygyň 29 ýyllygy mynasybetli şadyýan
bäsleşik geçirildi. Onuň esasy şerti her bir gurnagyň maksadyna laýyklykda
dünýä halklarynyň medeni gymmatlyklaryna degişli bir eseri çeper wasp
etmekden, daşary ýurt dillerinde bir aýdymy ýa-da şygry ýerine ýetirmekden
ybarat boldy.
Bäsleşige döredijilik öýünde hereket edýän 34 gurnagyň ählisiniň agzalary işjeň
gatnaşdylar. Hususan-da, gurnagyň maksadyna laýyklykda, dünýä döwletlerine
degişli dürli gymmatlyklaryň çeperçilik, halyçylyk, agaç ussaçylygy ýaly
sungatlaryň üsti bilen wasp edilmegi oňa gatnaşyjylarda aýratyn täsir döretdi.
Zehinli okuwçylaryň birnäçesi daşary ýurt dillerinde joşgunly aýdymlary ýerine
ýetirdiler. Dürli dillerde okalan şygyrlar bu bäsleşige aýratyn öwüşgin çaýdy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň arasyndan iň täsirli çykyşlar saýlanyp
alnyp, jemi alty gurnak birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp görüldi.
Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar berildi.
Çärjewde baýramçylyk mynasybetli bäsleşik geçirildi

09
Dec