Çärjewde baýramçylyk ertirligi geçirildi
Çärjew etrabyndaky 28-nji çagalar bakja-bagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap baýramçylyk ertirligi geçirildi.
Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilen bu çärä mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçiler, kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Körpeleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara dostlugy, birek-birege hormat goýmagy öwretmek maksady bilen geçirilen ertirlikde çagalar joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Kitaphanaçylar körpeleri çagalar üçin niýetlenen kitaplar we olaryň mazmuny bilen tanyşdyrdylar, ertekileri okap berdiler. Şeýle hem körpeleriň arasynda tomus pasly bilen baglanyşykly dürli öwrediji oýunlar geçirildi, sahna oýunlary ýerine ýetirildi.
Terbiýeçileriň bu ajaýyp paslyň aýratynlyklary baradaky gürrüňleri çagalarda uly täsir galdyrdy.