Çärjewde başlangyç synp mekdep okuwçylary bäsleşdiler
Halkara Bitaraplyk güni we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Çärjew etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň başlangyç synp okuwçylarynyň arasynda akyldar şahyryň şygyrlaryny dünýä dillerinde ýatdan okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik ýaşlaryň şahyryň şygyrlaryny söýüp okaýandyklaryny we olary ürç edip öwrenýändiklerini ýene bir ýola
görkezdi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin mekdebiň ikinji, üçünji we dördünji synplarynyň her haýsyndan 10 okuwçy saýlanyp alyndy. Düzgünnama laýyklykda, olardan akyldar şahyryň şygyrlaryny türkmen, rus we iňlis dillerinde dürs okamak tabşyryldy. Şeýle hem has köp şygry ýatdan okap bilen topara goşmaça utuklar berildi. Bäsleşige mekdebiň degişli diller boýunça okadýan mugallymlary
eminlik etdiler. Şeýlelikde, mekdebiň üçünji synp okuwçylary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň 30-dan gowragyny üç dilde ýatdan okap, beýleki bäsdeşlerinden öňe saýlandylar. Ýeňiji bolan topara Hormat hatlary we kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlary berildi. Bäsleşikde mekdebimiziň aýdym-saz toparynyň agzalarynyň dürli dillerde ýerine ýetiren aýdymlary oňa toý ruhuny bagyşlady.