Çärjew etrabyndaky «Ahmet Haýdar» hususy kärhanasynda öndürilýän pomidor hasylynyň bir bölegi daşarky bazarlara ugradylyýar. Häzirki wagta çenli ýygnalan hasylyň 33 göterimi içerki bazarlara iberilip, galan bölegi Russiýa Federasiýasyna hem-de Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär.
Hususy kärhana boýunça ýylyň dowamynda, ýagny geljek ýylyň iýun aýyna çenli 700 tonna golaý pomidor hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Pomidor hasylyny ýerleşdirmek üçin niýetlenen plastik gaplar hem «Ahmet Haýdar» hususy kärhanasynyň özünde taýýarlanylýar.
Çärjewdäki ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidor iki döwlete eksport edilýär
27
Dec
