Täze açylan mekdepde okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy hem uly täsir galdyrdy. Mekdebiň müdiri Zülpiýa Abdullaýewa täze binanyň ähli şertleriniň döwrebap talaplara laýykdygyny belläp, ony gurmakda zähmet çeken binagärlere we döwlet ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem mugallym Rejepgül Huddyýewanyň geçýän biologiýa sapagyna gatnaşmak okuwçylaryň täze mekdepde bilim alýan pursatlarynyň täsirini has-da artdyrdy. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan synp otaglarynda okuwçylaryň işjeňligi we mugallymyň ussatlygy aýratyn öwüşgin berdi.
Otuz bäş ýyllyk iş tejribesi bolan mugallym Rejepgül Huddyýewa täze mekdepde döredilen mümkinçilikleriň ýaş nesle kämil bilim bermekde uly orun eýeleýändigini guwanç bilen aýtdy. Ol bu mümkinçilikleriň döwletimiziň ýaşlara goýýan belent ynamynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy we Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen gabat gelen bu toý pursady Begaryk obasynyň ýaşaýjylaryna aýratyn buýsanç we ruhubelentlik bagyşlady. Mekdep açylyş dabarasynda aýdylan alkyş sözleri aýdym-saz bilen utgaşyp, ýadygär pursatlary döretdi.
Çärjewdäki täze mekdepde ilkinji okuw ýylyna girişildi
04
Sep
