Çärjewdäki sport mekdepleri geljekki pälwanlary gözleýärler
Çärjew etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji sport mekdepleri 2013 ― 2014-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlary türgenleşiklere çagyryp başlady.
Welaýat neşirinde çap edilen bildiirşde hem nygtalyşy ýaly, bu sport mekdeplerinde çagalara sportuň sambo, dzýudo, kuraş görnüşleri boýunça tälim berilýär.
Türgenleşik toparlaryna kabul edişlik 10 ― 25-nji awgust aralygynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800433 91-5-48; 800433 5-52-35; +99364 213594