Çärjewdäki mekdepde edebi agşam geçirildi
Çärjew etrabynyň 46-njy orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli edebi agşam geçirildi.
Edebi agşamda 2024-nji ýylyň tutuş türki dünýäde beýik şahyr we akyldar
Magtymguly Pyragynyň ýyly hökmünde dabaralanýandygy hakynda buýsanç
bilen gürrüň edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan
medeniýet» atly kitabyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda
getirilen setirler bolsa edebi agşama gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Akyldar şahyryň doglan güni mynasybetli edilen işlere hem syn berildi.
Mekdep okuwçylary ýakynda Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara
kinofestiwalda özbek we türkmen kinematograflarynyň surata düşüren
«Magtymguly Pyragy» atly çeper filminiň ýokary baha mynasyp bolandygy,
şahyryň eserleriniň öz ýurtda we dünýä ýurtlarynyň birnäçesinde neşir
edilendigi baradaky metbugat habarlary bilen tanyşdyryldy. Akyldar şahyryň
Watan, ar-namys, mertlik-gahrymanlyk hakyndaky goşgulary hem diňlenildi.