JEMGYÝET

Çärjewdäki maslahat haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine bagyşlandy

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan alnyp barylýan işlere bagyşlap, Çärjew etrap häkimliginde maslahat geçirildi.
Etrabyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary bilen bilelikde «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy — dünýä jemgyýetçiliginde ynsanperwerlik ýörelgesiniň nusgalyk göreldesi» diýen at bilen geçirilen bu maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini gazanmakda, olara durmuş goldawlaryny bermekde gazna tarapyndan alnyp
barylýan döwlet we halkara derejesindäki işleriň we bu ugurda döredilýän zerur şertleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de maslahatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent sepgitleri dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: