TÜRKMENISTAN HABARLARY, YKDYSADYÝET

Çärjewdäki maldarçylyk hojalygynda 8 tonna ýüň ýygnaldy

Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalygynda güýz gyrkymy üstünlikli
tamamlanyldy. Dowarlardan 8 tonna golaý ýüň ýygnaldy.
— Ýüň gyrkymyndan soň dowarlar özlerini has-da gowy duýýarlar. Güýzki öndürilýän ýüň arassalygy bilen hem tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ony yrýa etmän ýygnadyk — diýip, hojalygyň ýolbaşçysy Muzafar Hoçjyýew gürrüň  berýär. — Maldarçylyk hojalygymyzyň dowarlarynyň 5280-si Gyzylgumuň sähralarynda bakylýar. Köpýyllyk iş tejribesi bolan çopanlar dowarlary kadaly ýagdaýda saklamagy başarýarlar. Şu güne çenli gyş üçin iri baldakly otlaryň  1272 tonnasyny ýygnadyk. Geçen möwsümlerden görnüşi ýaly, şunça
möçberdäki ot dowarlarymyzy gyşlatmak üçin ýeterli bolýar. Emma şonda-da
arkaýynlaşmaýarys. Otuň köp bolsa malyň dok boljakdygyna söz ýok — diýip, ol
sözüniň üstüni ýetirýär.
«Serdar» maldarçylyk hojalygynda ussat çopanlaryň 7-si dowarlara eýeçilik edýär. Umar Setdarkulyýew, Onwar Hemralyýew ýaly öz işiniň ussatlary yhlaslylyk görkezýärler. Olar her ýyl dowarlaryny ýyly we dok gyşladýarlar. Hiç hili ýitgä ýol bermeýärler. Ak ýürekden yhlas bilen çeken zähmetleriniň rehnedini hem görýärler.