TÜRKMENISTAN HABARLARY

Çärjewdäki kompaniýa kaustik sodasyny öndürýän kuwwatly önümçiligi gurar

Merkezi edarasy Çärjew etrabynda ýerleşýän «Mizemez gadam» hususy kärhänasy ýakyn geljekde ýene bir iri taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşar. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Guwanç Seýidow «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Has takygy, bu hususy kärhana Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde kaustik sodasyny öndürýän täze kärhananyň gurluşygyna girişer. Kärhananyň gurluşykçylarynyň ýakynda Türkmenabat şäherinde açylan Glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhanany hem gurandyklaryny ýatladýarys.