JEMGYÝET

Çärjewdäki kärhanada geçirilen çäre türkmen bedewine bagyşlandy

Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynda geçirilen maslahat türkmen bedewine bagyşlanyp, onuň milli gymmatlyk hökmünde ähmiýeti barada çykyşlar diňlenildi.
Maslahatda çykyş edenler behişdi bedewleriň halkymyzyň milli ruhunyň, ösüşe bolan höwesiniň hem-de döredijilikli zähmetiniň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem olaryň köpasyrlyk taryhymyzda eýeleýän ornuna aýratyn üns berildi. Çykyşlarda ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň ýurdumyzyň ösüşlerini beýan edýändigi bellenildi.
Çäräniň dowamynda kärhananyň zähmetkeşleri döredilýän iş şertleri üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.