Lebap welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň «Jeýhun» miwe we gök-bakja önümlerini gaplaýjy kärhanasynda geçen 11 aýynyň jemleri boýunça kärhanada 1194 tonna gök-bakja önümleri gaplanylyp, 6 million 835 müň manatlyk iş ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde, önümçiligiň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy.
Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kärhana dünýa ýurtlarynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, uly önümçilik mümkinçilige eýe. Onda her gije-gündizde gök-bakja önümleriniň we miweleriň alty tonna golaýy gaplanylyp, gaplamalaryň 10-dan gowrak görnüşi taýýarlanylýar.
— Şu günler işler has-da gyzgalaňly dowam edýär. Miwe we gök-bakja
önümlerini gaplaýjy kärhanamyzda tutanýerli zähmeti bilen tapawutlanýan işdeş ýoldaşlarymyz az däl. Olardan miwe gaplaýjylar Altyn Saparowa, Dilber Jumaýewa, bişiriji Iman Kurbanow, ammar müdiri Rafael Paýzullaýew yhlasly zähmet çekýärle — diýip, önümçilik bölüminiň müdiri Kasymbaý Tohtaýew welaýat gäzetiniň habarçysyna gürrüň berdi. Ýokary hil derejesine eýe bolan bu önümleriň esasy bölegi çagalar baglaryna, mekdep internatlaryna, hassahanalara we harby bölümlere ugradylýar. Kämil tehnologik enjamlara daýanýan önümçilik kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 30-dan gowragy agzybir zähmet çekýär. Kärhanada zähmet çekmek üçin ähli oňyn şertler, zerurlyklar göz öňünde tutulyp, önümçiligiň ilerlemegi ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.
Çärjewdäki kärhanada 1,1 müň tonna gaplama taýýarlanyldy

19
Dec