Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň düýedarçylyk hojalygynda düýeleriň 800-si bolup, şolaryň 291-si ene düýelerdir.
Şu oba hojalyk ýylynda möwsümde 120 köşek alyndy. Döwlete et, süýt, ýüň tabşyrmak boýunça meýilnamalar hem üstünlikli berjaý edilýär.
Hojalykda ömür örküni düýedarçylyga baglan sarwanlaryň ençemesi agzybir zähmet çekýär. Doganlar Mansur, Umyt, Nemat, Narkuly Hojyýewleriň, şeýle-de Hojaahmet Tölebaýewiň düýe idetmekde has-da baý tejribesi bar.
Çärjewdäki hojalykda 300-e golaý düýe idedilýär

08
Jun