JEMGYÝET

Çärjewdäki duşuşyk adatdan daşary ýagdaýlara bagyşlandy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Çärjew, Dänew we Darganata etraplaryndaky wekiliniň guramagynda Çärjew etrap häkimliginde etrabyň daýhan birleşikleriniň hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň etrapdaky bölüminiň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşykda adatdan daşary ýagdaýlar we sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly boldy. Ilkinji bilen Raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň etrap bölüminiň wekili adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, olar ýüze çykaýan ýagdaýda ýitgisiz alyp çykmak barada düşündiriş işlerini berdi. Gürrüň esasan hem ýangyn hadysalary bilen bagly boldy.
Duşuşygyň ikinji bölüminde Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýerli wekili sagdynlyk endiklerini berjaý etmek bilen bagly çykyş etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: