Çärjew etrabynda tebigaty goramak bilen bagly gyzykly çäreler geçirildi
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebinde tebigaty goramak we
tokaý zolaklarynyň ähmiýeti barada gyzykly çäreler geçirildi. Çäreleriň esasy maksady ýaş nesle ekologiýa medeniýetini düşündirmek, tebigy baýlyklary goramagyň we tokaý zolaklaryny giňeltmegiň ähmiýetini wagyz etmek boldy.
Çärede mekdep okuwçylary üçin tokaý seýilgäh zolaklarynyň ähmiýeti, bag ekmegiň daşky gurşaw üçin zerurlygy barada gürrüň berildi. Okuwçylar toparlara bölünip, tebigaty goramak bilen baglanyşykly sorag-jogaply ýaryşlara gatnaşdylar.
Bu çäre ýaşlarda tebigata söýgini, daşky gurşawy goramak jogapkärçiligini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak düşünjesini has-da pugtalandyrdy. Çärä gatnaşyjylar tebigatyň gözelligini gorap saklamagyň her bir raýatyň mukaddes borjudygyny nygtap geçdiler.
Ruhiýa Şamuradowa,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen
31-nji orta mekdebiniň mugallymy.