JEMGYÝET

Çärjew etrap kitaphanasynyň Osty obasyndaky şahamçasynda sergi açyldy

Çärjew etrap kitaphanasynyň Osty obasyndaky şahamçasynda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly kitap sergisi açyldy. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergide onuň dürli ýyllarda neşir edilen  goşgular ýygyndylary, döredijiligine bagyşlanan kitaplar, žurnallarda, gazetlerde çap edilen makalalar we suratlar goýuldy.

Onda Gahryman Arkadagymyzyň «Akyl-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusy, döwet galamyndan çykan kitaplar aýratyn orun tutýar. Şahamçanyň okyjylary bu ýerde şahyra bagyşlanyp ýazylan beýleki goşgular bilen hem tanşyp bilerler.

Kitaphananyň işjeň okyjylary ilkinjileriň hatarynda sergi bilen tanyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: