MEDENIÝET

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Garaşsyzlyk — täze dünýäň kuýaşy» atly kitap sergisi işläp başlady. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanýar.
Onda ýurdumyzyň soňky döwürde geçen ýoly, ykdysadyýetde, bilim, saglygy goraýyş, medeni-durmuş ulgamlarynda boluň geçen özgertmeler barada gürrüň berýän kitaplar ýerleşdirilipdir. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserler aýratyn orny eýeleýär. Kitaphananyň işjeň okyjylary bu ýerde goýlan neşirler bilen ilkinji bolup tanyşdylar.
Kitaphananyň işgärleri gelýänlere bu ýerde goýlan eserleriň mazmuny barada gysgaça gürrüň berýärler. Okyjylaryň gyzyklanmalaryna laýyklykda, özlerine gerekli maglumatlary haýsy kitapdan tapyp boljakdygyny aýdýarlar. Şonuň ýaly-da, beýleki ugurlar boýunça hem maslahatlary berýärler.