BILIM

Çärjew etrabynda täze okuw ýarym ýylyna wezipeler bellenildi

Çärjew etrabynyň bilim işgärleri usuly okuw maslahatlaryny geçirip, 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymyna girişdiler. Maslahatlaryň dowamynda mugallymlar özara tejribe alyşdylar we geljekde amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Täze okuw ýylynyň ilkinji sapaklary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygaryna bagyşlanyp, dersleriň mazmunyny bu şygara laýyklykda guramak bellenildi.
Usuly okuwlarda bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda ähli derslerde döwrebap tehnologiýalary ulanmak üçin degişli şertler döredilip, bu usul okuwçylaryň maglumatlary has çuň özleşdirmegine ýardam edýär. Bilim işgärleri döwrebap şertlerde işlemäge döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanlaryna öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.