YKDYSADYÝET

Çärjew etrabynda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär

Çärjew etrabynda oba hojalyk möwsümleri taýýarlyk bilen garşy alynýar. Hormatly Prezidentimiziň giň goldawyny alýan daýhanlarymyz gowaça meýdanlarynda joşgunly zähmet çekýärler. Geçen ýazda etrapda 28 müň gektar meýdana gowaça ekilip, häzirki günlerde ýetişip gelýän hasyly öz
wagtynda ýygnap almak üçin ähli şertler döredilýär. Etrapda şunça ýerden 83 müň tonnadan geçirip hasyl almak meýilleşdirilýär.
Pagta ýygymy möwsüminde döwrebap kombaýnlaryň 37-si gatnaşdyrylar. Ýygym möwsüminde pagta ýygýan kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň işini utgaşdyrmak maksady bilen, guramaçylyk çäreleri giňden alnyp barylýar. Ýokary hasylly gowaça meýdanlarynda ýygym
tehnikalarynyň işledilmegi zähmetiň netijeliligini artdyrmaga, pagtanyň öz wagtynda we ýitgisiz ýygnalmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti öňde durýan möhüm oba hojalyk möwsüminde daýhanlarymyz bilen mehanizatorlary ruhlandyrmak, olaryň zähmetini höweslendirmek boýunça ýörite meýilnama taýýarlady. Bu meýilnama laýyklykda işde tapawutlanan kärendeçiler, mehanizatorlar hem-de beýleki oba hojalyk işgärleri höweslendiriler. Şeýlelikde, hormatly
Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine etrabyň oba zähmetkeşleri mynasyp goşandyny goşarlar.