BILIM

Çärjew etrabynda okuw ýylynyň ikinji ýarymyna guramaçylykly girişilýär

2025-nji ýyla bilim ulgamy mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi bilen girişdi. Bilim işgärleri bolsa okuw ýylynyň ikinji ýarymyna taýýarlyk görýärler.
Çärjew etrabynyň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri okuw ýylynyň birinji ýarymyny üstünlikli tamamladylar. Dört aýlyk jogapkärçilikli döwrüň dowamynda mugallymlar we okuwçylar welaýat we döwlet derejeli dürli bäsleşikleriň ýeňijileri boldular. Geçen ýylyň şygaryna eýerip, Magtymguly Pyragynyň beýik döredijiligini ýaş nesle ähli çuňňurlygy bilen düşündirmekde hem netijeli işler alnyp baryldy.
Okuw ýylynyň ikinji ýarymynda okuw-terbiýeçilik işlerini üstümizdäki ýylyň adyna laýyk alyp barmak meýilleşdirilýär. Munuň üçin etrap bilim bölümi tarapyndan baý maksatnama taýýarlanylyp, göz öňünde tutulýan çärelerde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasyp orun tutar. Mugallymlardyr okuwçylaryň şanly ýyl mynasybetli welaýat, döwlet derejeli dabaralara, bäsleşiklere we maslahatlara gatnaşmaklaryny üpjün etmek hem meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: