JEMGYÝET

Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasy üçin dürli görnüşli turba önümleri getiriler

«Türkmen gündogary» gazetiniň ýazmagyna göräm tizden Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur bolan dürli görnüşli turba önümleri getirilip başlanar.
Turba önümleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Russiýa Federasiýasynyň «Трубная Металлургическая Компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «GAZPROM Schweiz AG» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda getiriler.
Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda gurulýan kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň düýbi 2018-nji ýylyň noýabr aýynda tutuldy. Häzirki wagtda desganyň gurluşyk işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Bu desga welaýatyň çäginde ozal ulanylmaga berlenleriniň arasynda has kuwwatlysy bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply