JEMGYÝET

Çärjew etrabynda gülçülik: Haldurdyýewleriň maşgala tejribesi

Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Azat Haldurdyýew öz mellek ýerindäki 6 sany ýyladyşhanada otag gülleriniň 200-e golaý görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Bu işi 1996-njy ýylda kakasy Bäşim aga tarapyndan başlanyp, häzirki wagtda hojalykda fikus, geran, kalanhoe, araukariýa, diffenbahiýa, sansewiýeriýa, kaktus, aloe, aglaonema we rozmarin ýaly görnüşler agdyklyk edýär. Şeýle-de ýyladyşhanalarda limon, papaýýa, pyrtykal we palma ýaly tropiki we subtropiki agaçlar hem idedilýär. Bu hojalykda Azat Haldurdyýew bilen birlikde onuň maşgala agzalary — ýanýoldaşym Gülzire, ogullary Ykbal, Mekan, gyzy Leýli we ejesi Jumahal dagy zähmet çekýärler.
Otag gülleriniň adam saglygy üçin ähmiýeti ylmy taýdan ykrar edilen bolup, olar otagyň howasynyň tämizligini we çyglylygyny ýokarlandyrýar. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, bu ösümlikler dem alyş fermentleriniň işleýşini, madda alyş-çalşygyny we gan aýlanyşynyň deňagramlylygyny kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem otag gülleri bedeniň kesele garşy durnuklylygyny güýçlendirýär we halk tebipçiliginde dürli ýaralary bejermekde ulanylýar. Azat Haldurdyýewiň kakasy Bäşim aganyň 30 ýyllyk tejribesi bu ugurda gyzyklanma bildirýän ýaş gülçüler üçin hem maslahat beriji mekdep bolup hyzmat edýär.