Çärjew etrabynda öňümizdäki ýazky gowaça ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň esasy tapgyrlary ýerine ýetirilýär. Etrap boýunça ekilmegi meýilleşdirilen 19,5 müň gektar ýeriň tas ählisinde sürüm işleri tamamlanýar, agramly böleginde bolsa tekizlew çäreleri geçirilýär. Çärjew etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasy tarapyndan bu işlere kuwwatly tehnikalaryň 50-den gowragy çekilip, ir sürlüp-tekizlenen meýdanlarda ýuwuş suwy tutulýar. Ýuwuş suwundan soňra ekişiň öň ýanynda boronolamak we malalamak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýuwuş suwundan soňky borono-mala işleri üçin 2 müňe golaý enjam taýýarlanylyp, möwsüm başlan dessine doly güýjünde işe girişmek meýilleşdirilýär. Ekiş döwründe «Obahyzmat» kärhanasyna degişli 80-den gowrak traktor hem-de daýhan birleşikleriniň hasabyndaky 150 töweregi traktor çekiler. Şeýle hem ekiş işlerine kärhana tarapyndan 19, daýhan birleşikleri tarapyndan bolsa 60-a golaý ekiji gatnaşar. Häzirki wagta çenli ekiji enjamlar doly taýýarlanylyp, olaryň arasynda adaty hem-de takyk ekijiler bar. Görülýän bu çäreler ýazky gowaça ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin berk esas döredýär.
Çärjew etrabynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar
24
Jan
