Çärjew etrabynda biraýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Çärjew etrap maliýe we ykdysadyýet bölüminiň durmuş-ykdysadyýet we maýa goýumlar bölüminde “Asuda hereket ― abadan durmuşyň kepili” ady bilen biraýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, şeýle-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň başda durmagynda ýurtda jemgyýetiň asudalygyny, adamlaryň rahatlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyndan gözbaş alýan asylly işler hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Şonuň ýaly-da çykyşlarda ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagynyň sebäplerine seljermeler berildi, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hemmeleriň möhüm borjuna öwrülmelidigine üns çekildi.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylary gyzyklandyrýan sowallara-da jogaplar berildi.