Hytaý diňe bir elektroulaglaryň köpsanlysyny öndürmekde däl, eýsem, ulaglaryň hereketini sazlaşykly ýola goýmak üiçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak boýunça-da dünýäde öňdeligi eýeleýär.
Ýurduň “XPeng” kompaniýasynyň hünärmenleriniň işläp taýýarlan aşa çalt zarýad berýän bekedi hem sürüjileriň ýokary gyzyklanmasyna mynasyp boldy. S5 atly bu täze zarýad bekediniň kuwwaty 800 kW deň bolup, onuň bir sekuntda beren zarýady elektroulaglara bir kilometrden gowrak ýoly geçmäge mümkinçilik berýär. Täze zarýad bekediniň ýakyn wagtda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Hünärmenler çalt zarýad berýän tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy netijesinde daşky gurşaw üçin zyýansyz ulaglaryň satuwynyň has-da artmagyna garaşýarlar.